Gözelligiň dürdänesi

10 Fewral 2021
1056

Ýurdumyzyň paýtagty gözel Aşgabat ösen medeniýetiň, ruhubelentligiň we kämil sungatyň şäheridir. Bu barada hormatly Prezidentimiziň ýakynda paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparynda Aşgabadyň dürli döwürlerde döredijilik işgärlerini, aýdymçylary we kompozitorlary täze eserleri döretmäge ruhlandyrandygyny, şeýlelikde, paýtagtymyz hakyndaky birnäçe çeper eserleriň, aýdymlaryň döredilendigini bellemegi hem muny aýdyňlygy bilen äşgär edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen paýtagtymyz Aşgabatda medeni maksatly binalardyr desgalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Paýtagtymyzda ýerleşýän döredijilik edaralary, medeni-dynç alyş merkezleri, teatrlar, kitaphanalardyr muzeýler ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde, döredijilik mümkinçilikleriniň gerimini artdyrmakda, özboluşly dünýägaraýşy kemala getirmekde uly ähmiýete eýedir. Kaşaň teatrlarda, tomaşa zallarynda halkymyza hödürlenýän sahna eserlerinde, konsertlerde hem-de beýleki medeni çykyşlarda parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany bolan Türkmenistanyň gözellikleriniň, agzybir halkymyzyň gazanýan üstünlikleriniň hem-de bagtyýar durmuşymyzyň waspy belentden ýetirilýär.

Ogulsuraý AKUMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
Beýleki habarlar