Gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler

10 Fewral 2021
1104

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, taryhyň ähli asyrlarynyň dowamynda Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi boldy we häzirki döwürde ol döwrebap derejede dikeldilýär. Milli Liderimiziň pähim-paýhasly baştutanlygynda dünýä ýurtlaryna tarap barýan bu ugur dost-doganlygyň, oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýoluna öwrüldi. Şeýle-de mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Şonuň esasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän bu ýylda mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuny toýlajak hemişelik Bitarap Watanymyz ösüşlerden-ösüşlere barýar. Munuň şeýledigini döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň halk hojalyk toplumlarynda geçen ýylda edilen işlere, öňde durýan wezipelere bagyşlap, sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatlary hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamy hem tanalmaz derejede ösdi-özgerdi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda kaşaň teatrlar, medeniýet öýleri, muzeýler, kitaphanalar, çagalar sazçylyk we çeperçilik mekdepleri, ýokary okuw mekdepleri gurlup, ulanylmaga berildi. Halk döredijiligine degişli eserler, edebiýatymyzyň nusgawy wekilleriniň, görnükli ýazyjy-şahyrlarymyzyň, alymlarymyzyň kitaplary yzygiderli çap edilip, halkymyza ýetirildi. Her ýyl bolsa ýurdumyzyň bir welaýatynda Medeniýet hepdeligi uly üstünlik bilen geçirilýär. Ýurdumyzda guralýan amaly-haşam, şekillendiriş sungatlarynyň, kitaplaryň sergileri özleriniň oňat netijelerini-de berýär. Çünki türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň esasynda täze döwlet we jemgyýetçilik ideologiýasyny kemala getirmek hut medeniýet bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Medeniýet döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ulgamda gazanylan her bir üstünlik dürli durmuş maksatlarynyň tutuş toplumyny özünde jemleýär.

«Esger».
Beýleki habarlar