Oba milli maksatnamasy — eşrediň, bagtyň özeni

10 Fewral 2021
1027

Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutanlygyna girişen döwründe: «Ilkinji nobatda meniň ähli aladam halkym bolar» diýip yglan etmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyryp, kalplaryna joşgun berdi, nurly ertirlere bolan ynamyny artdyrdy. Belent mertebe we çäksiz ynam bilen aýdylan bu sözler sanlyja ýyllaryň içinde iş ýüzünde özüniň anyk beýanyny hem tapdy. Hormatly Prezidentimiziň mähriban halkynyň egsilmez döredijilik güýjüne daýanmak bilen, onuň bähbidine gönükdirip amala aşyrýan işleri örän giň gerimli we uly möçberlidir.

Hawa, Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly syýasatlary halkymyzyň alnyndan ak Gün bolup dogup, onuň ykbalyny bagtyýarlyga besledi. Bitirilen bimöçber işleriň netijesinde ata Watanymyz tanalmaz derejede özgerdi, oba-kentlerimiz, şäherçelerimiz we şäherlerimiz ýaşamak, döretmek üçin has amatly boldy. Şeýle haýran galdyryjy özgerişlikleriň amala aşyrylmagynda döwlet Baştutanymyzyň başda durmagynda işlenilip düzülen we üstünlikli amala aşyrylan Oba milli maksatnamasynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu maksatnama ýurdumyzyň ilatly ýerlerinde ýaşaýşyň täze hil derejesini gazanmaga ýardam etdi. 2008-nji ýyldan başlap, häzirki döwre çenli welaýatymyzda bu babatda möhüm işleriň uly toplumy üstünlikli ýerine ýetirildi. Has takygy, Oba milli maksatnamasyna we hormatly Prezidentimiziň Kararlaryna laýyklykda gürrüňi edilýän döwürde:

Mämmet GYLYJOW.
Beýleki habarlar