Türkmen hoşniýetliliginiň şöhlelenmesi

9 Fewral 2021
1741

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda)

Bularyň arasyndaky dawa soltanyň gulagyna baryp ýetýär. Soltan olaryň ikisini hem öz huzuryna çagyrýar. Soňra ol wezire garap: «Galam eýeleri hemişe gylyç eýeleriniň hyzmatkärleri bolýandyrlar. Sen ne sebäpden galam eýelerini beýle mahabatlandyrýarsyň we öwüp arşa çykarýarsyň? Sen muny subut edip biljekmi?» diýýär. Wezir: «Beýik hökümdarym, gylyç dostlary däl-de, duşmanlary öjükdirip, aýaga galdyrar. Galamdan hem dost peýda görer, hem duşman dep bolar. Gylyç eýeleriniň hemişe patyşalyga meýli bolýandyr, şeýle-de olar mülke göz gyzdyrýandyrlar. Olar nygmat eýelerine garşy baş göterýändirler, emma galam eýelerinden munuň ýaly haýyn hereket çykmaz. Gylyç eýeleri soltanyň hazynasyny boşadýandyrlar, galam eýeleri bolsa hemişe hazynanyň üstüni doldurýandyrlar. Girdejili zat çykdajyly zatdan has haýyrlydyr we gadyrlydyr» diýip, akylly-paýhasly sözleri bilen öz garaýşyny delillendirmegi başarýar.

Gurbangözel KÖMEKOWA,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar