Emeli kölüň ýeriň duzlulygyna garşy täsiri

7 Fewral 2021
1976

Türkmen topragynda suw ulgamynda gazanylan bu üstünlik öz köklerini halkymyzyň ata-baba suwa mukaddeslik derejesinde garamagyndan, oňa uly sarpa goýmak bilen, dürli suw desgalaryny gurmakda baý tejribesiniň bolmagyndan alyp gaýdýar. Ýurdumyzda geçirilen arheologiýa barlaglary suwarymly ekerançylygyň mundan 8-9 müň ýyl öň dörändigini we dünýäniň suwarymly ekerançylygynyň esasy gözbaşlarynyň biri bolandygyny subut edýär. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde diýen ýaly, taryhyň ajaýyp ýagdygärlikleri hökmünde bentlere, sardobalara, howuzlara, kärizlere, gatlalara, nowhanalara, arnalara, howuzlara, kaklara we oýtaklara gabat gelmek bolýar. Türkmen halky köp asyrlyk taryhynyň dowamynda suwa tebigatyň bahasyna ýetip bolmajak peşgeşi we durmuşyň gözbaşy hökmünde garap gelýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen gurlan «Altyn asyr» Türkmen köli hem suw ulgamyndaky asyrlara barabar işleriň netijesidir. Ylmy maglumatlara görä, toprakda erginleriň saklanylyşy 0,01-0,05 göterim bolanda, ekinler ondan iýmit maddalaryny örän gowy özleşdirýärler. Tebigy ýagdaýlarda diňe şorlaşmadyk topraklardaky erginler 0,02-0,2 göterim bolýar. Ösümlikler bu erginlerden hem kadaly iýmitlenip, ýokary hasyl berip bilýärler. Eger-de toprak erginleri 0,3 göterim we ondan hem ýokary bolsa, onda iýmit maddalarynyň özleşdirilişi peselip, ösümliklere zyýanly duzlaryň birleşmeleri artyk toplanýar. Ol zyýanly duzlar toprakdan diňe bir azotyň, fosforyň we beýleki iýmit maddalarynyň özleşdirilişine päsgel bermän, eýsem, bedenine zyýanly täsir edip, ýaş ekinleriň gurap selçeňleşmegine, boýlarynyň haýal ösmegine we hasylyň az toplanmagyna sebäp bolýar. Toprak ergininde 0,3 göterim we ondan artyk duzlary saklaýan ýerlere şorlaşan topraklar diýilýär. Şeýle ýerlerde suwuň, döküniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ilkinji nobatda, zyýanly duzlary toprakdan suw bilen ýuwup aýyrmak talap edilýär.

Merdan BAÝRAMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar