Akgaýma tahýa

3 Fewral 2021
2158

Biziň tarypyna söz ýetmez milli mirasymyz bar. Şolaryň biri ene-mamalarymyzyň nesilden-nesle geçirip gelýän, türkmen gelin-gyzlarynyň çeper ellerinden dörän akgaýma tahýalarydyr. Özüniň nepisligi, owadanlygy bilen dünýä medeniýetine goşant goşan akgaýma tahýalary nagyşlarynyň sünnäligi bilen göreni haýrana goýýar.

Hormatly Prezidentimiziň: «Akgaýma tahýaly oglanlara, gültahýaly gyzlara, öýme ýaglykly gelinlere, ak gyňaçly enelere, çäkmenli atalara gözüň düşende, pederlerimiziň pähim-parasady siňen milli gymmatlyklarymyzyň, asylly ýörelgelerimiziň, gadymy däp-dessurlarymyzyň dowamlydygyna buýsanjyň goşalanýar» diýip belleýşi ýaly, okuwa barýan okuwçylaryň, talyplaryň, toý-märekelerde ýaşulularyň başlaryndaky milli tahýalarymyzy göreniňde göwnüň göterilýär.

Jennet OMAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Beýleki habarlar