Ýüzüklerdäki ýazgylar we nagyşlar

3 Fewral 2021
1583

Bagtyýarlyga beslenen ýurdumyzda milli mirasymyzy öwrenmäge giň ýol açyldy. Hormatly Prezidentimiziň: «Beýik Ýüpek ýoly Gündogaryň hem Günbataryň halklarynyň taryhynda wajyp orun eýeledi. Onuň bilen bagly taryhy ýazgylar, arheologiýa tapyndylary, etnografiýa we edebi gymmatlyklar, halk hakydasynda saklanyp galan ruhy miras gitdigiçe gyzyklanmany artdyrýar...» diýen sözleri halkymyzyň taryhyna bolan gyzyklanmasynyň barha artýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Türkmenistan ösen medeniýetiň we sungatyň mekany bolup, taryhyň dürli döwürlerine degişli arheologik ýadygärliklere baýdyr. Olarda türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden gymmatlyklarynyň ençemesi biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň muzeýinde, welaýatlarda ýerleşýän Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriň arheologiýa gaznalarynda, olaryň şahamçalarynda dürli ýyllarda geçirilen gazuw-barlag işleriniň netijesinde toplanan we saklanýan baý, gymmatly metaldan ýasalan tapyndylar öwrenildi.

Annadursun ATAÝEWA,
TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri.
Beýleki habarlar