Tebigaty goramak — möhüm wezipe

3 Fewral 2021
2595

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde tebigaty goramak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde Diýarymyzyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak, tebigatyň peşgeş beren baýlyklaryna aýawly çemeleşmek hem-de ekologiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler nusgalyk häsiýeti bilen tapawutlanýar.

«Biz keremli daglarymyzy, özboluşly sähralarymyzy, ajaýyp derýalarymyzdyr köllerimizi aýawly we netijeli peýdalanmalydyrys» diýip, milli Liderimiz nygtaýar we bu ugurda asylly başlangyçlara badalga berýär. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy, «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi, ýurdumyzyň ähli künjekleriniň tokaý zolaklary bilen bezelmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Gülşat TAGANDURDYÝEWA,
TMÝG-niň Gumdag şäher geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar