Pederleriň göreldesi — nesillere ýörelge

2 Fewral 2021
1738

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny, ýol-ýörelgelerini wagyz edýän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda ýaş nesle watançylyk, ahlaklylyk, zähmetsöýerlik terbiýesini bermekde, ata-enä we ula hormat goýmagy, bilimli-ylymly bolmagy ündemekde uly ähmiýete eýe bolan rowaýatlara giň orun berlipdir. Şol rowaýatlarda ata Watana, ene topraga, aslyňa, il-halkyňa bolan söýgi beýan edilýär.

“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitaby okanyňda ýaş nesle türkmen halkynyň ahlak gymmatlyklaryny öwretmäge, dünýä medeniýetiniň ösmegine ägirt uly goşant goşan ata-babalarymyzyň medeni, ruhy mirasyna aýawly çemeleşmegini gazanmaga, pederlerimizden miras galan milli däp-dessurlara we ýol-ýörelgelere akyl ýetirmek başarnygyny ösdürmäge giň mümkinçilikleriň bardygyna anyk göz ýetirýärsiň. Pederlerimiziň ata Watana, ene topraga, aslyňa, il-halkyňa, halal zähmete bolan söýgini terbiýeleýän şol rowaýatlaryndaky keşpleriň juda ussatlyk bilen beýan edilişi ýaş nesliň, umuman aýdanyňda, ähli ýaşdaky adamlaryň garaýşyna, duýgy-düşünjesine oňyn täsirini ýetirýär. Ine, şeýle rowaýatlaryň birinde bilimli bolmagyň gymmatynyň ýokarydygy beýan edilýär, bilimli bolmak ündelýär.

Ogulbaýram MELÄÝEWA,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar