Milli gymmatlygyň sarpasy

1 Fewral 2021
2478

Arkadag Prezidentimiziň halkymyzyň ýankitabyna öwrülen «Türkmen alabaýy» atly kitaby diňe bir dünýäde iň gadymy, meşhur alabaý itiniň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň bermek bilen çäklenmän, eýsem, alabaýyň medeni gymmatlygyny we özboluşlylygyny açyp görkezýär. Türkmen alabaýy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan halkymyzyň ahalteke bedewi, halysy ýaly milli gymmatlyklary bilen bir hatarda durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp kitaby ýurdumyzda milli gymmatlyklara goýulýan belent sarpanyň ykrarnamasydyr. Milli Liderimiz eserde şeýle diýýär: «Ata-babalarymyz bedewinde myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasy bolan alabaýlarymyzda bolsa, bagtyny görüpdirler».

Şirmyrat HOJAÝEW,
Balkanabat şäherindäki 13-nji orta mekdebiň müdiri.
Beýleki habarlar