Gymmatly miras

24 Ýanwar 2021
1725

Biz islendik bir işiň başyna baranymyzda, etjek bolýan işimiziň zerur bolşy ýaly, ony ýerine ýetirmegiň ugur-ýoluny bilmegimiz hem möhümdir. Eger gerekli enjamlarymyzyň, senetlerimiziň ählisi bilen üpjün bolanymyzda-da, ýerine ýetirjek bolýan işimiz babatda ýeterlik derejede sowadymyz bolmasa, onda ony tamamlamak juda kyn düşer, üstesine-de, ol isleýşimiz ýaly aňrybaş bolmaz. Elbetde, yhlas, höwes we özüňe ynamlylyk bilen birnäçe gezek synag geçmek arkaly islendik işde oňat netije gazanyp bileris. Emma şol ugurda ýeterlik sowat gorumyz bar bolsa, onda işi göwnejaý we ýeňillik bilen berjaý ederis, şonuň bilen birlikde wagty hem tygşytlarys. Sowatly, ylymly, bilimli bolmagyň iň esasy we ýeňil ýoly bolsa, kitaby dost tutunmakdyr. Haýsy-da bolsa bir zady köp gaýtalasak, wagt geçdigiçe ol endige öwrülýär. Özümize esasy endik edinmeli zatlarymyzyň biri-de kitap okamakdyr.

Alymlaryň bellemeklerine görä, kitap okamak ýatkeşligi ösdürýär, dünýägaraýşy giňeldýär, göwnüçökgünligi aradan aýyrýar, pikiri durlaýar, özüňde bar bolan döredijiligiňi açyp görkezmek üçin uly ähmiýeti bar. Şeýle-de kitaphonluk halklaryň biri-biriniň medeniýeti, sungaty we däp-dessurlary ýaly durmuş ýörelgeleri bilen ýakyndan tanyşmagyna ýardam edýär. Kitap okaýan adamyň dil baýlygy artýar.

Annabagt MYRADOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy.
Beýleki habarlar