Boýna — zynat, göwne — ganat

21 Ýanwar 2021
2972

Türkmen gelin-gyzlarynyň gözelligine gözellik goşmak üçin ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda alyp baran işleri alnymyzda täsin bir dünýäni açýar. Hünärli ellerden çykan milli lybaslar, şaý-sepler ata-babalarymyzyň dünýäni inçelik bilen synlap, tebigat gözelliklerini sungata siňdirendigini görkezýär.

Şeýle gymmatlyklaryň hatarynda halkymyzyň zergärçilik sungatynyň taýsyz nusgasy bolan monjuklar aýratyn orny eýeleýär. Monjuklaryň halk durmuşyna irki döwürde ornaşandygy hakynda ylmy çeşmelerde gymmatly maglumatlar bar. Muny akademik W. Sarianidiniň Garagum sährasynyň jümmüşindäki ägirt uly arheologik toplum bolan Goňurdepede alyp baran gazuw-agtaryş işleri netijesinde ýüze çykaran nusgalary aýdyň görkezýär.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.
Beýleki habarlar