Agsak towuk

19 Ýanwar 2021
2013

Bu oýun sport meýdançasynda ýa-da sport zalynda geçirilip bilner. 30-40 metr aralykda iki sany parallel çyzyk çyzylýar we ähli oýunçylar üç-üçden bölünişýärler. Her üçlükde iki oýunçy biri-biriniň elinden tutýar. Üçünji oýunçy bolsa olaryň tutuşan elleriniň üstüne bir aýagyny goýýar. Oýny alypbaryjynyň rugsady boýunça üçlükler pellehana tarap (garşydaky çyzyga) ylgaýarlar. Ilki bolup pellehana baran üçlük ýeňýär. Eger ortadaky oýunçynyň iki aýagy ýere degse, onda şol üçlük ýeňilýär. Ortadaky oýunça iki çetki oýunçynyň egninden asylmak bolmaz. Oýun ikinji gezek gaýtalananda, ortaky oýunçyny ony ellerinden göterip äkiden (çetki) oýunçylaryň biri bilen çalyşmaly.

Oýun ylgamak endiklerini kämilleşdirmek üçin niýetlenendir. Toparlaýyn oýnalýan bu oýun orta synplaryň okuwçylary bilen guralsa, has-da gyzykly bolar.

Beýleki habarlar