Ýusup Balasagunlynyň «Kutadgu bilik» eserinde nesil terbiýesi

17 Ýanwar 2021
2254

Orta asyr türkmen taryhyndaky möhüm eserleriň biri hem XI asyrda ýaşan Ýusup Has Hajyp Balasagunlynyň “Kutadgu bilik” atly eseridir. Ol gadymy ýazuw ýadygärliklerimizde iň gymmatly eser hasaplanylýar. Şahyr eserini Balasagunda ýazmaga başlapdyr we Kaşgarda tamamlapdyr. 1069 — 1070-nji ýyllarda eserini tamamlan şahyr, bu eserini Garahanly türkmen döwletiniň hökümdary Süleýman Arslan Hakanyň ogly Tawgaç Ulug Bugra Hana sowgat edipdir. Garahanly hökümdary bu eseriň gymmatyny göz öňünde tutup, şahyra köşkdäki wezipeleriň iň naýbaşysy hasaplanylýan “Has Hajyplyk” derejesini beripdir. Sebäbi Garahanly türkmen döwletinde köşkde hökümdardan soňra iň möhüm ikinji wezipe “Has Hajyplyk” bolupdyr. Döwlet dolandyrylyşynda bolsa “Has Hajyplyk” derejesi hökümdar we wezir derejelerinden soňra üçünji möhüm wezipe bolupdyr. Garahanly türkmen döwletinde “Has Hajyp” hökümdar bilen halkyň aragatnaşygyny ýola goýupdyr. Halk “Has Hajybyň” üsti bilen arzuw-isleglerini döwleti dolandyryjylara ýetiripdir.

“Kutadgu bilik” eseri syýasatnama görnüşinde ýazylandygyna garamazdan, nesil terbiýesi bilen baglanyşykly maglumatlary hem özünde jemländigini göz öňünde tutup, nesihatnama ýa-da pentnama görnüşinde hem beýan edilýär. Ýusup Balasagunlynyň eseriniň esasy maksady ynsanlary bagtly bolmaga eltýän ýoly tapmakdyr. “Kutadgu bilik” eserinde nesil terbiýesi babatynda hem gymmatly maglumatlar öz ornuny tapypdyr.

Ahmet ANNABERDIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar