Bu Bitarap, bu bagtyýar Watanda

14 Ýanwar 2021
2031

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzda parahatçylygy, asudalygy üpjün etmek, Watanymyzyň ykdysady we syýasy durnuklylygyny berkitmek, durmuş we medeni özgerişleriň ýagty geljegini kepillendirmek babatynda atalyk aladasy jemgyýetçilik jebisliginiň esasyny emele getirdi.

Hukuk döwletiniň aýrylmaz wezipeleriniň biri hem ýurdumyzda gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň, hukuklaryň borçlanmalarynyň ykrar edilmegini we goralmagyny kämilleşdirmek, şeýle hem döwlet belligine almakdan ybarat bolup durýar. Döwlet belligine almak boýunça ygtyýarlyklar adalat edaralarynyň işini düzgünleşdirýän ýörite kanunlarynda öz beýanyny tapýar. Şolaryň biri hem «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bolup durýar. Kanuna laýyklykda, Gozgalmaýan emlägiň bazarynyň emele gelmegine ýardam edilmegi gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň esasy wezipeleriniň biridir.

Perhat GERMANOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň işgäri.
Beýleki habarlar