Bitaraplyk syýasaty halkara gatnaşyklarynyň möhüm şertidir

14 Ýanwar 2021
2056

«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen 2020-nji ýyl ýurdumyz üçin şanly seneleriň ýyly boldy – Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllyk toýy giňden tutuldy. BMG-niň derejesine üýtgewsiz ygrarly döwletimiz bu gün hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda milli we umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýän oňyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyny alyp barýar.

Çärýek asyryň döwründe parahatçylyk söýüjilik we hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli alyp barýan Türkmenistan bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolup galýar. Şu döwürde ýurdumyz ägirt uly ösüşleri gazanyp, halkara giňişliginde kuwwatly ykdysadyýetli we durmuş düzümli, sazlaşykly ösýän döwletleriň hatarynda ornuny pugtalandyrdy hem-de Milletler Bileleşiginiň ygtybarly hyzmatdaşy we abraýly agzasy hökmünde ykrar edildi.

Güljahan BEKIŞOWA,
Marynyň H. Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar