Saç toýy

13 Ýanwar 2021
2346

Gadymyýetden gözbaş alyp, asyrlarboýy dowam edip gelen toýlarymyz halkymyzyň milli aýratynlygynyň bir şahasy, ýakymly dünýäsidir. Ol toýlaryň haýsy birini alyp görseň-de, özüne mahsus özboluşlylygy görmek bolýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen şol gadymy ata-baba toý däplerimiz gaýtadan dikeldilýär. Milli mirasymyzy toplamak, öwrenmek, dünýä ýaýmak, geljekki nesillere ýetirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Şol toý däpleriniň biri-de, saç toýudyr. Maşgalada bir ýaşy dolan çaganyň ýüpek ýaly çile saçy toý tutulyp aldyrylýar. Oňa saç toýy, kä halatlarda galpak toýy diýilýär.

Şemşat ATABAÝEWA,
Daşoguz şäherindäki 9-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar