Galyp (Mizemez miras)

13 Ýanwar 2021
2181

Türkmen senetkärleriniň işleriniň ilerlemeginde galybyň orny uly bolupdyr. Küýzegärlikde küýze, golça, gulply küýze, hum, humdan ýaly palçykdan her dürli önümleri ýasamakda we şekil bermekde galyplar ulanylypdyr. Gadymy «Erkin gün» atly dessanynda Nowruz gelip, Gün gaty gyzdyryp ugransoň, howruna demir eredilendigi barada gürrüň berilýär. Çoýundan we demirden dürli gaplary, gazanlary, tüňçeleri, taňkalary ýasan türkmen senetkärleri olaryň özüne mahsus galypdan peýdalanypdyrlar.

Binagärlikde ulanylýan galyplaryň durnukly hem-de berk ymaratlaryň emele gelmeginde ähmiýeti uludyr. Gadymy ata-babalarymyz şeýle galyplarda kerpiç guýupdyrlar. Agaç ussalary galyplary söwüt hem-de erik baglarynyň guran agaçlaryndan ýasapdyrlar. Uly adamlar üçin dört-bäş, hat-da ondanam köp gözli galyplar ýasalypdyr. Ýetginjekler üçin iki-üç gözli galyplar buýrulypdyr. Şeýle galyplarda kerpiç guýlupdyr. Galyplar kerpiçleriň ululygyna-kiçiligine laýyklanypdyr. Ilki belli bir uzynlykdaky we giňlikdäki tekiz tagta alnyp, soňra arasy bölek tagtajyklar bilen bölünipdir. Neçjarlar şol aralyk tagtajyklaryň insiz tarapyny ildirgiç görnüşli taslapdyrlar. Daşyndan, töwerekleýin geçýän tagtadan bolsa, içi deşiklije orundan edilipdir. Soň-soňlar aralykdaky tagtajyklary çüý bilen berkitmek arkaly galyp ýasamak giňden ýaýrapdyr. Şeýle galyplar doly taýýar bolansoň, tagtasy çişip, ýerbe-ýer bolar ýaly, suwa atyp goýupdyrlar.

Allanur JUMAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar