Balkan welaýaty: täze üstünliklere ynamly badalga

13 Ýanwar 2021
2165

Ýurdumyzyň Balkan welaýaty dünýäniň ähli künjeklerine uzaýan polat, howa, deňiz-derýa we gara ýollaryň, uglewodorod çig mallaryny akdyrmaga niýetlenen turbageçirijileriň künjegidir. Welaýat bilen içgin tanşanyňda, ummasyz uly giňişlikde asuda çaýkanyp ýatan mawy deňizde, ululy-kiçili derýalardyr çeşme-çaýlarda, belent başly daglaryň aýagujundan ýaýlyp gidýän uç-gyraksyz sähralardyr mes toprakly ýaýlalarda, ýokumly ot-çöplere baý bolan öri meýdanlarda nazaryň eglenýär.

Çar ýany beýik dag gerişleri bilen gurşalan Margyz, Sumbar, Çendir jülgeleriniň okgeçmez jeňňellikleridir gyrymsy tokaýlyklary, çeşme-bulaklary, Hazar deňziniň durnanyň gözi ýaly arassa suwly hem çägesöw kenary, uç-gyraksyz Garagum sährasynyň pasly-baharlarda läle-reýhana gark bolýan giňişlikleri özüne jennetiň bir künjegidir diýdirýär. Diňe bir Garabogaz köli sözüň doly manysyndaky hazynalar ojagydyr. Guwlyduzuň ätiýaçlyk gorlary hem tapylgysyz baýlyklarymyzyň hatarynda durýar. Ýurdumyzda çykarylýan nebitiň esasy bölegi, tebigy gazyň milliardlarça kub metri, balyk we balyk önümleriniň köp bölegi, şonuň ýaly-da nahar duzunyň, tehniki ýoduň, uglerodyň, bromuň ähli möçberleri sebitde jemlenendir. Sapaly dynç alşyň merjenine öwrülýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň, Demirgazyk — Günorta demir ýol geçelgesiniň, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň, Gündogar — Günbatar gaz geçirijisiniň, Garabogazdaky karbamid zawodynyň, Gyýanlydaky gazhimiýa toplumynyň, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň we beýleki üstünlikli amala aşyrylan bütin dünýä belli ägirt uly taslamalaryň gurluşyklary hem şu nurana sebite dahyllydyr. Olaryň ajaýyp netijeleri bolsa tutuş Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň merdana hem agzybir halkynyň jana-jan bähbitleri bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçinem berkarar döwletimiziň bu bagtyýar künjeginde arka atylan her bir ýyl rowaçlyklara beslenip, bosagadan ätleýän täze ýyl ýagşy umyt-arzuwlar bilen ýokary ruhubelentlikde garşylanylýar.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
“Türkmenistan”. Surata düşüren Andreý PAKULOW.
Beýleki habarlar