Hem döwletliligiň, hem ömrüň ýörelgesi

11 Ýanwar 2021
1788

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň «Zeminiň abatlygy ― ýaşaýşyň ebediligi» diýlip atlandyrylýan ikinji bölümi 50 sahypa çemesi aralygy eýeleýär. Ýöne şol sahypalaryň jümmüşine siňip başlaýarsyň welin, pikirleriň giden bir ummanyny boýlap ýörene dönýärsiň. Pikirler rowaýatlar, rowaýatlar durmuş hakykaty bilen utgaşyp, seni şeýle bir özüne baglaýar welin, wagtal-wagtal gözleriňi setirleriň arasyndan aýryp, «Asyl, şeýle eken-ow!» diýip, çuňňur oýa çümýärsiň.

«Zeminiň abatlygy» diýlen düşünjä şygyr ýa-da kyssa eserlerinde kän gabat gelendiris. Ýöne «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» okyjyny bu düşünjäniň çuňlugyna ýene bir ýola nazar aýlamaga imrindirýär. Zemin ― ähli janly-jandarlaryň, şol sanda adamzat bilen tebigatyň biri-biri bilen sazlaşykda ýaşaýan ýeri. Şonuň üçin onuň abatlygyny gazanmak hem adamyň, hem tebigatyň goýnundaky beýleki ýaşaýjylaryň iň mukaddes borçlarynyň biri. Milli Liderimiz bu düşünjä «Dünýäniň owadanlygy, tebigy deňagramlylygyň hemişelik saklanmagy» diýip, kesgitleme berýär.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar