Milli terbiýe

10 Ýanwar 2021
2278

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň pugta binýadyny gurmak, ýurdumyzy ösdürmek we dünýä tanatmak her bir şahsyýetiň zähmetine bagly bolup durýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda her bir adamda, esasanam, ýaşlarda ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmek barada yzygiderli aladalar edilýär. Pederlerimiziň pähim-paýhasa ýugrulan dana sözlerinde ösüp gelýän çaganyň ykbalyny kesgitleýji pikirler bar. Şol nukdaýnazardan, çagalykdan dogry ýola ugrugmagy olaryň durmuşynda möhüm ädim bolup durýar. Çagalara wagtdan ýerlikli peýdalanmagy öwretmek, bilimini, zehinini yzygiderli taplamak baradaky düşünjelerini kämilleşdirmek bu ugurda uly ähmiýete eýedir. Munda taryhy we durmuşy wakalaryň, rowaýatlaryň täsiri uludyr. Gündogar halklarynyň arasynda Lukman Hekim ady bilen tanalýan belli akyldar, lukman, alym, filosof Ibn Sina çagalyk döwründen başlap, ylmy kitaplary okap, olaryň köpüsini ýatdan öwrenipdir. Ol ýetginjek wagty bir hökümdary keselden bejerip, onuň kitaphanasynda az wagtlyk okamaga rugsat alýar. Şonda ol gysga wagtda kitaplaryň köpüsini ýatdan öwrenip, töweregindäkileri haýran galdyrýar.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen ýaş nesilleriň kämil, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, bilimli-ylymly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesliň kämil adamlar bolup ýetişmekleri baradaky aladalary netijesinde kabul edilen möhüm ähmiýetli resminamalar irki döwründen başlap, çagany beden, akyl we ruhy taýdan kemala getirmäge, şeýle hem çagalary halkymyzyň milli däplerine we umumadamzat gymmatlyklaryna daýanmak arkaly terbiýelemäge gönükdirilendir.

Laçyn JÜMMIÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar