Dag şi­ri ala­ja­gap­laň

17 sagat öň
29

Ýy­lyň çar pas­lyn­da gö­zel te­bi­ga­ty­my­za se­ýil-sy­ýa­ha­ta çyk­ýan il­deş­le­ri­mi­ziň sa­ny art­ma­sa, eg­sil­me­ýär. Ola­ryň ara­syn­da eko­lo­gi­ýa me­de­ni­ýe­ti bo­ýun­ça wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri­ni ge­çir­mek döw­let te­bi­gy go­rag­ha­na­my­zyň iş­gär­le­ri­niň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri­dir. Şo­ňa gö­rä-de, ra­ýat­lar bi­len suw çeş­me­le­ri­ni, te­bi­gy ýer­le­ri aras­sa sak­la­ma­gyň we gel­jek ne­sil­le­ri­mi­ze mi­ras goý­ma­gyň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da yzy­gi­der­li gür­rüň­deş­lik ge­çi­ril­ýär, so­wal-jo­gap al­şyl­ýar. Şun­da ola­ry has köp gy­zyk­lan­dyr­ýan so­wal­la­ryň bi­ri-de dag­lar­da ýa­şa­ýan ýa­ba­ny haý­wan­lar, esa­san-da, ala­ja­gap­laň­lar bi­len bag­ly­dyr.

Ala­ja­gap­laň — düý­bün­den ýi­tip bar­ýan gör­nüş, ol Türk­me­nis­ta­nyň Gy­zyl ki­ta­by­na, şeý­le hem Te­bi­ga­ty go­ra­ma­gyň hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­niň Gy­zyl sa­na­wy­na, Ýa­ba­ny haý­wan­lar we ösüm­lik­ler dün­ýä­si­niň ýok bol­mak how­py as­tyn­da­ky gör­nüş­le­ri­niň hal­ka­ra söw­da­sy ha­kyn­da­ky kon­wen­si­ýa­nyň (CITES) sa­na­wy­na gi­ri­zi­len­dir. Ala­ja­gap­la­ňyň ýa­şa­ýan ýer­le­ri­ne amat­syz tä­sir­le­riň ýet­me­gi bi­len, ola­ryň dün­ýä ýü­zün­de sa­ny­nyň azal­ma­gy se­bäp­li, hal­ka­ra de­re­je­de düýp­li yl­my-bar­lag we go­rag iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. Bu jan­da­ryň ýa­şa­ýan ýer­le­ri­ni we ola­ryň sa­ny­ny di­kelt­mek bo­ýun­ça ýur­du­myz­da-da köp iş­ler edil­ýär. Ala­ja­gap­laň, esa­san, Kö­pet­dag­da, Uly Bal­kan da­gyn­da we Bat­hyz­da duş gel­ýär. Hä­zir­ki wagt­da Üst­ýurt be­lent­lik­le­rin­de hem bu jan­da­ra gö­zeg­çi­lik iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. 2019-njy ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­den Ga­za­gys­ta­nyň çä­gi­ne ge­çen ala­ja­gap­laň ba­ra­da­ky yl­my mag­lu­mat­lar iki döw­le­tiň te­bi­ga­ty go­raý­jy­la­ry­ny hem örän gy­zyk­lan­dyr­dy. Dün­ýä ýü­zün­de ýa­ba­ny haý­wan­la­ryň bio­dür­lü­li­gi­ni go­rap sak­la­ma­gyň wa­jyp ugur­la­ry­nyň bi­ri hem goň­şy döw­let­le­riň ara­syn­da ýa­ba­ny haý­wan­lar üçin «eko­lo­gik ge­çel­ge­le­riň» dö­re­dil­me­gi­dir. Türk­me­nis­ta­nyň Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­niň döw­let te­bi­gy go­rag­ha­na­la­ry­nyň yl­my iş­gär­le­ri­niň hem-de hal­ka­ra bi­ler­men­le­riň gat­naş­ma­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan yl­my gö­zeg­çi­lik­ler ar­ka­ly şu ýyl Bal­ka­na­bat şä­he­rin­den 160 ki­lo­metr daş­lyk­da ýer­leş­ýän «Üç ga­sy­nyň» be­lent­lik­le­rin­de ço­pan­la­ryň ala­ja­gap­la­ňa ga­bat ge­len­di­gi ha­bar be­ril­di. Dag-de­re­ler­dir jül­ge­ler­de, kert ga­ýa­lar­da ola­ryň yz­la­ry ha­sa­ba alyn­ýar, he­re­ket du­ýu­jy su­rat en­jam­la­ry­nyň kö­me­gi bi­len ýaý­ran ýer­le­ri, sa­ny, kö­pel­ýän ýag­daý­la­ry ba­ra­da gym­mat­ly mag­lu­mat­lar top­lan­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Bat­hyz, Kö­pet­dag, Sünt-Ha­sar­dag döw­let te­bi­gy go­rag­ha­na­la­ry­nyň çäk­le­rin­de, Uly Bal­kan da­gyn­da ýa­şa­ýan ala­ja­gap­laň­lar bo­ýun­ça gym­mat­ly su­rat­la­ryň we wi­deo­mag­lu­mat­la­ryň ar­hi­wi dö­re­dil­ýär.

Ak­na­bat PO­TA­ÝE­WA,
«Kö­pet­dag» döw­let te­bi­gy go­rag­ha­na­sy­nyň yl­my bö­lü­mi­niň iş­gä­ri.