Ýurdumyzyň welaýatlarynda

8 Ýanwar 2021
1896

TEJRIBE ALŞYLDY

AHAL. Welaýatyň şäherdir etraplarynda bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary geçirildi. Okuwlaryň barşynda okuw maksatnamalaryny özleşdirmegiň, innowasion tehnologiýalary, sanly serişdeleri sapakda giňden peýdalanmagyň netijeli usullaryny, öňdebaryjy bilim işgärleriniň iş tejribesini öwrenmek, ýaýratmak, şeýle-de ýaş nesli ylmy-gözleg işlerine ugrukdyrmak bilen baglanyşykly wezipelere üns çekildi. Bilim işgärleriniň ýanwar maslahatynyň çäginde geçirilen bu okuwlaryň barşynda umumybilim berýän orta mekdeplerde, çagalar baglarynda okuw-terbiýeçilik işini talabalaýyk guramak, okuw maksatnamalarynyň özleşdirilişini hem-de ýaş nesle netijeli bilim-terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak boýunça tejribeli hünärmenleriň çykyşlaryna aýratyn orun berildi.

(Öz habarçylarymyz).
Beýleki habarlar