Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

8 Ýanwar 2021
2156

Birek-biregi ýyllaryň gelmegi bilen gutlamakdaky arzynyň aňyrsyna göz ýetmez. Muny diýmek bilen nämäni ýaňzytjak bolýan?! Kesgitli ömrüň her bir pursatyna gadyr goýmalydygyny ýatlatsam diýýän. Şol zerurlyga düşünmek diňe birimize däl-de, barymyza hökmany. Toýly günleriň gujagyndan jyda düşürmesin Biribar. Türkmene salan nazary sowulmasyn, hemişelik bolsun! Onda asudalyk, abadanlyk, imisalalyk bar. Ömrüň düzümini düzýän dürler dünýäni emele getirýändir.

Şol lezzeti, eşreti, eziz halkyna eçilýän hormatly Prezidentimiziň — Gahryman Arkadagymyzyň ömri uzak, belent başy aman bolsun! Alyp barýan bimöçber işleri rowaçlyklara beslensin!

Gözel ŞAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Gahrymany.
Beýleki habarlar