Döwre buýsanç - zähmete hyjuw

7 Ýanwar 2021
1949

Ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde «Sagdyn durmuş ýörelgelerini we ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek — kanun bozulmalarynyň öňüni almak» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň işgäri, polisiýanyň kapitany Döwran Amanmyradow, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Jenaýat agtaryş müdirliginiň bölüm müdiri, polisiýanyň maýory Guwanç Weliýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri, polisiýanyň kapitany Daýanç Durdyýew, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň lukmany Ata Boppyýew dagy çykyş etdi. Çärede ulag dolandyrýan ähli sürüjilere we pyýadalara ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, köpçülik ýerlerinde, işde, okuwda arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, lukmanlaryň berýän maslahatlaryny dogry ýerine ýetirmek we zyýanly endiklerden daşda durmak barada nygtalyp geçildi.

Çäräniň ahyrynda halkymyzyň sagdyn, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin bimöçber aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak we işleriniň elmydama rowaç bolmagy arzuw edildi.

Aman NURYÝEW,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň uly maslahatçysy.
Beýleki habarlar