Özbaşdak many aňladýan söz toparlaryny öwretmek

24 Dekabr 2024
200

Ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek asylly ýörelgelerimizdir. Şunda ene diline bolan sarpany kemala getirmek, nusgawy edebiýatymyzy öwretmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem türkmen dili dersi boýunça sapaklarda dilimiziň ylmy esasda öwrenilişi hakynda giňişleýin maglumatlary berýäris. Asyrlardan asyrlara geçip gelen türkmen dilimiz iň bir gadymy dilleriň biri bolup, häzirki döwürde ylmy esasda öwrenilýär, ýaş nesillere ýetirilýär. Şonuň üçin hem her bir sapagy täsirli, döwrebap şertlerden peýdalanyp guraýarys. Munuň özi okuwçylaryň öwrenmäge bolan höwesini artdyrýar.

Türkmen dili dersi boýunça guran sapagymda okuwçylara özbaşdak many aňladýan söz toparlary hakynda giňişleýin düşünje berdim. Özbaşdak many aňladýan söz toparlaryna işlikleriň hem degişlidigini, okuw kitabynda bu barada ýörite kesgitlemeleriň berlendigini gürrüň berdim. Şeýlelikde, gymyldy-hereketi aňladýan sözlere işlikler diýilýändigini okuw kitabyndan labyzly okaýarys. Şeýle hem multimedia tagtasynda taýýarlanan slaýd şekillerinden giňişleýin peýdalanýarys. Bu şekillerde türkmen dilinde işlikler hakynda kesgitlemeler ýerleşdirilendir. Şeýle hem slaýdyň dowamynda birnäçe mysallar, sözler getirilýär. Okuwçylar bu mysallary depderlerine ýazyp alýarlar. Bu bolsa olaryň sapaga bolan işjeňligini artdyrýar, geçilýän tema düşünmeklerine oňat täsir edýär.

Oguljan SAPARGYLYJOWA,
Mary etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy.