Okuwçylarda ýagşy häsiýetleri terbiýelemek

24 Dekabr 2024
214

Ýaş nesle maşgala mukaddesligini düşündirmek, olara sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, tebigatymyzy we daşky gurşawy aýawly saklamagy öwretmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şol maksat bilen orta mekdeplerde ýaşaýyş-durmuş esaslary dersi boýunça okuwçylara çuňňur bilim we terbiýe berilýär.

4-nji synpda ýaşaýyş-durmuş esaslary dersinden «Ýaşlarda ýagşy häsiýetleri terbiýelemek. Mekdepde özüňi alyp barmagyň düzgünleri» diýen tema boýunça gyzykly sapagy guradym. Sapakda okuwçylaryň ünsüni peýdaly maslahatlara çekdim. Multimedia tagtasynda arassaçylyk kadalaryny dogry berjaý etmegi, ony berkitmegi, öýde, ýolda, mekdepde özüňi alyp barmagyň düzgünlerini, durmuşda gabat geläýjek kynçylykly ýagdaýlardan aljyraman baş alyp çykmagy ündeýän slaýd şekillerini görkezdim. Munuň üsti bilen okuwçylara gündelik durmuşymyzda howpsuzlyk we şahsy arassaçylyk düzgünlerini ýerine ýetirmegiň şertlerini hem düşündirdim.

Aýna JORAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiň mugallymy.