Bilim — ösüşleriň binýady

24 Dekabr 2024
209

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda bilim syýasaty halkymyzyň ruhy durmuşynyň kämilleşmegine, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sagdyn kemala gelmegine gönükdirilip, döwletimizi ösdürmegiň berk hukuk binýady, kuwwatly hereketlendiriji güýjüdir. Häzirki wagtda milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kanunçylyk binýadynyň berkidilmegine uly üns berilýär. 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny (rejelenen görnüşi) kabul edildi. Bu Kanun ýurdumyzda bilim ulgamynyň işiniň guralyşyny, bilim babatdaky gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýär. Şeýle-de bilim işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny we döwlet bilim syýasatynyň ýörelgelerini, bu ulgamyň maksatlaryny, ýerine ýetirýän wezipelerini kesgitleýär.

Ýurdumyzda beýleki pudaklar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär, bu ugurda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen kanunçylyk namalary işlenip düzüldi we kabul edildi. Şeýle resminamalar milli bilim ulgamynyň hukuk binýadyny has-da berkitdi. Ýurdumyzda okuw möhletiniň dowamlylygy halkara ülňülerine laýyklykda kadalaşdyryldy, mekdebe çenli bilim edaralarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalary täzeden taýýarlanyldy. Şeýlelikde, özgertmeleriň netijesinde mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, mugallymlaryň netijeli işlemeklerine, bilimiň ähli derejesinde okatmagyň we terbiýelemegiň usulyýet ulgamy kämilleşdirildi. Bilim almak Türkmenistanyň raýatlarynyň konstitusion hukugydyr. Çünki bilim jemgyýetiň durmuş-ykdysady we medeni-ruhy taýdan kämilliginiň esasy şerti bolup, onuň üstünlikli ösüşine itergi berýär. Kanunda bilim edaralaryny esaslandyrmagyň, döretmegiň we olaryň işini ýöretmegiň düzgünleri bellenilýär. Hususan-da, döwrebap talaplara laýyklykda, bilimiň gurluşynda, mazmunynda täzelikler babatdaky kadalar Kanunyň rejelenen görnüşinde beýan edilendir.

Orazdurdy ABDYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.