Ýorunja — dermanlyk melhem

24 Dekabr 2024
114

Ýurdumyzda köp duş gelýän ösümlikleriň biri bolan ýorunja dermanlyk aýratynlyklary bilen bellidir. Ýorunjanyň baý himiki düzümi bardyr, ol bedeniň dowamly ýadawlygyna garşy kömek edýän A, B, C, D, E, P witaminlerine, bedeniň gyzgynyny peseldýän we sowuklama garşy täsirleri bolan salisil turşusyna baýdyr. Ýorunjanyň düzüminde köşeşdiriji häsiýetlere eýe bolan, kelle agyryny we baş aýlanmagyny aýyrmaga kömek edýän efir ýagy şeýle-de karotin, uglewodlar, steroidler, saponinler, fenolkarboksil turşulyklary, ýag we mikroelementler (mis, marganes, bor, kobalt) bar. Halk lukmançylygynda ýorunja sowuklama we üsgülewüge garşy, agyz boşlugynda, nemli örtüklerde döreýän sowuklama, allergiýa garşy ulanylýar. Ýorunja bagyr kesellerinde, bronhial demgysmada, tapdan düşüp, güýjüň ýitmeginde, stenokardiýada, kelle agyryda we baş aýlanmada, süýji keselinde, guragyryda, ganazlykda, çyban ýaly ýaralarda we ýanmalarda täsirli dermanlyk serişdeleriň biri hökmünde ulanylýar.

Wirus keselleriniň ýaýraýan döwründe ýorunja çaýy we gaýnatmasy immuniteti ýokarlandyrmak, bedene toniki täsir etmek üçin ulanylýar. Melhemi taýýarlamak üçin bir bulgur gaýnag suwa bir çaý çemçesi ýorunja gülüni guýup, 15 minut demine goýmaly. Ýorunja gaýnatmasy üçin ony 5-10 minut gaýnadyp, sowandan soň süzüp içmeli. Ony nahardan öň günde birnäçe gezek içmek maslahat berilýär. Çaý süýji keseli, kelle agyry, baş aýlanmak, sowuklama, bronhial demgysma we bedeniň umumy ysgynsyzlygy ýaly ýagdaýlarda hem peýdalydyr.

Gülnara ÝAGMUROWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kadaly Fiziologiýa kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar