Hoşniýetli ýörelgeler dabaralanýar

7 Ýanwar 2021
1794

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň maksady dünýäde parahatçylygy, asudalygy berkitmekden, dost-doganlygy pugtalandyrmakdan, ählumumy ösüşi üpjün etmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň ýöredýän hoşniýetli, özara bähbitli we netijeli gatnaşyklary bitaraplyk ýörelgelerine daýanýar hem-de dünýä halklarynyň bähbidine gönükdirilýär. Muny baky Bitaraplygymyzyň çärýek asyrlyk döwrüniň dowamynda döwletimiziň durmuşa geçiren işleri, öňe süren we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolan halkara başlangyçlary, teklipleri hem bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi muňa mysal bolup biler. Gahryman Arkadagymyzyň belläp geçişi ýaly, «Abraýly halkara gurama tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz biziň beýik gymmatlygymyzdyr. Bitaraplyk parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy we ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr».

Berkarar döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy bolan Bitaraplygymyzyň Ýer ýüzünde durnukly ösüşi üpjün etmekde, dünýä halklaryny dostlaşdyrmakda ähmiýeti örän uludyr. Milli  Liderimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen şu ýylymyzda hem ýurdumyzyň dünýädäki ornuny pugtalandyrmak, halklaryň agzybirligini, asudalygyny, howpsuzlygyny üpjün etmek, parahatçylygy dabaralandyrmak boýunça alnyp barylýan işler rowaçlyga beslener.

Ogulgül ORAZGULYÝEWA,
Hazar şäherindäki 2-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar