Uzak ýaşamagyň syry

18 Dekabr 2024
162

Beden üçin işjeňlik fiziologiki zerurlyk bolup, ýaşaýşyň girewidir we sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bölegidir. Könelerimiz: «Hereket bereketdir» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Hakykatdan-da, hereket bereket bolmak bilen bir hatarda sagdyn, syratly bolmagyň hem ilkinji açarydyr. Alymlaryň bellemeklerine görä, sagdyn bolmagyň iki sany ýönekeýje talaby bar. Olaryň biri fiziki taýdan işjeň hereketde bolmak, beýlekisi bolsa dogry iýmitlenmek. Şu talaplary berjaý etmek bilen adamlar dürli keselleriň, hatda howply täze döremeleriň öňüni alyp bilýärler. Näsag adamlar bu düzgünleri berjaý etseler, saglygyny täzeden dikeltmäge mümkinçilik alýarlar.

Hereketsizlik we nädogry iýmitlenmek bedeniň energiýa taýdan deňagramlylygynyň bozulmagyna alyp barýar. Munda adamlaryň kaloriýa ulanyşy köp bolup, sarp edişi az bolýar. Munuň özi aşa semizlige eltýär. Şeýle-de gan basyşynyň ýokarlanmagyna, süňkleriň osteoparozyna, ýürek-damar, oňurga, süýji, kelle-beýni keselleriniň we howply täze döremeleriň käbir görnüşiniň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Şuňa görä günüň dowamynda 30 minut bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmeklik maslahat berilýär. Her gün bary-ýogy 30 minut işjeň türgenleşik adamyň saglyk ýagdaýynyň düýpli berkemegine ýardam edýär.

Narkuly KERIMOW,
Saýat etrap hassahanasynyň baş lukmanynyň orunbasary.
Beýleki habarlar