Tansyň saglyga täsiri

18 Dekabr 2024
150

Taryhy ýazgylardan we arheologik tapyndylaryň ýüzündäki wakaly suratlardan milli tanslaryň döreýşi barada örän gyzykly maglumatlara göz ýetirýärsiň. Dürli halklar irki döwürlerden bäri özboluşly aýdym-sazlary we tanslary döredipdirler. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda belleýşi ýaly, milli tanslar joşgunly ylhamyň, paýhas akabasynyň asyrlara ýaň salan ruhy ýörelgesidir. Milli tanslar ynsan kalbynyň şatlygynyň, bagtyýarlygynyň, buýsanjynyň hereketler arkaly beýanydyr.

Tans etmek adamyň ruhuny göterýär. Alymlaryň pikirine görä, tans adamlaryň saglygyna-da peýdaly. Üstesine-de, diňe fiziki däl, eýsem, ruhy saglygyna-da oňat täsir edýär. Bilermenleriň geçiren barlagynyň netijesinde tansyň adamyň degna ulgamynyň işleýşini kadalaşdyrýandygy äşgär edildi. Tans beýniniň içindäki utgaşyklygy üpjün etmek bilen, bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar.

Dilarom KARÝAGDYÝEWA,
Dänew etrabynyň Seýdi şäher çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar