Ýönekeý kadalar, ygtybarly usullar

18 Dekabr 2024
137

Gyş paslynyň gelmegi bilen ýiti respirator keselleriniň ýokuşmak ähtimallygy has-da artýar. Kesel ýokuşanda, kellagyry, bedeniň gyzgynlygynyň ýokary galmagy, ysgynsyzlyk, asgyrmak, gözden ýaş akmak, bokurdagyň gyzarmagy ýaly alamatlar ýüze çykýar.

Keselden goranmak üçin ýaşaýyş we edara jaýlarynyň howasyny çalşyp durmak, ýelejiretmek zerur bolup durýar. Jaýlaryň howasyny tämiz saklap, ýokançlaryň howada toplanmagynyň öňüni alyp bolýar. Uzak wagtlap sowuk ýerde bolup, kesele garşy durnuklylygyň peselmegi sebäpli adamyň bedeni ýiti sowuklama keseliniň ýokançlaryna duýgur bolýar. Şol sebäpli otaglar ýelejiredilende, şemalyň öňünde durmaly däldir. Otaglarda çalt-çaltdan çygly arassalaýyş işlerini geçirip durmaly. Köpräk miwe we bakja önümlerini iýmeli. С ýokumyna baý narpyzly, ary bally we limonly çaýlary köpräk içmeli. Şeýle-de mäşli, noýbaly unaş örän peýdaly.

Elmira IBRAGIMOWA,
welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň pulmonologiýa bölüminiň lukmany.
Beýleki habarlar