Narpyz

17 Dekabr 2024
159

Saglygy we gözelligi goramak üçin tebigat adamlara köp tebigy çeşmeleri — derman ösümliklerini bagyşlandyr. Olar ter ýa-da guradylan görnüşde keselleriň alamatlaryny ýeňilleşdirýär, bedeni kuwwatlandyrmaga täsir edýär. Ylmy we tehnologiki ösüşleriň netijesinde, dermanlyk ösümlikleriň ulanylmagy halk tebipçiliginden has giň gurşawa ýaýrady. Bu ugurda özboluşly ösümlikleriň biri hem narpyzdyr. Narpyz hoşboý ysly köpýyllyk ösümlik bolup, bakterisid, köşeşdiriji, rahatlandyryjy häsiýetleri bilen bellidir. Himiki düzümi peýdaly maddalara baý, şonuň üçin ösümligiň ýapraklary halk tebipçiliginde we adaty lukmançylykda, dermanlaryň, arassaçylyk we kosmetiki serişdeleriň düzümlerinde giňden ulanylýar.

Narpyzda birbada birnäçe ugurda bejeriş-öňüni alyş täsiri bar.

Maýa MYRADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kadaly Fiziologiýa kafedrasynyň mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň doktory.
Beýleki habarlar