Müň derdiň dermany

12 Dekabr 2024
176

Ýiti respirator keseller asgyrylanda we üsgürilende beýlekilere geçip bilýär. Göze görünmeýän damjajyklardaky wiruslar howa arkaly sag adamyň agzalaryna düşüp, ýiti respirator keseli ýokuşýar. Şonuň üçin üsgüreniňizde we asgyranyňyzda agzyňyzy, burnuňyzy elýaglyk bilen ýapmaly. Şeýle etseňiz, töweregiňizdäki adamlary keseliň ýokuşmagyndan gorap bilersiňiz. Şeýle-de keselli bilen umumy gapdan, ýorgan-düşekden, el süpürgiçden peýdalanmaly däl. Şolardan kesel döredijiler aňsatlyk bilen geçýär. Şeýle ýagdaýda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň 1-nji jildinde beýan edilýän üzärlikden peýdalanmaly. Üzärligi otagda tüsseledip, howadaky mikroblary gyryp bolýar.

Ösümliklere zyýan berýän mör-möjeklerden dynmakda-da üzärligiň peýdasy uludyr. Düýe üzärligi ysganda, gözi durlanyp, gadamyny batlandyryberýär. Lukman bilen maslahatlaşyp, guradylan üzärligi gaýnadyp, hasadan süzüp, ýyly suwda syrkawy ýuwundyrsaň, guragyra peýdasy bardyr. Üzärligiň gaýnatmasy bedendäki zyýanly mikroblary gyrýar. Üzärlikden alynýan garmin serişdesi beýnä täsir edip, adamyň gan basyşyny peseldýär, dem almasyny güýçlendirýär, içegäniň, ýüregiň myşsalaryny kadalaşdyrýar we gan damaryny giňeldýär.

Selbinyýaz BAÝRAMOWA,
Aşgabat şäherindäki 13-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar