Ösüşiň berk binýady

11 Dekabr 2024
203

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň ça­ga­la­ry, sö­züň do­ly ma­ny­syn­da, bagt­ly ne­sil­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýa­kyn­da ge­çi­ri­len Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň mej­li­sin­de ösüp gel­ýän ne­sil­le­ri, ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ry dur­muş taý­dan gol­da­mak, ola­ryň sag­ly­gy­ny di­kelt­mä­ge ýar­dam ber­mek, bag­ty­ýar ýa­şa­mak­la­ry üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek ba­ra­da eden ta­ry­hy çy­ky­şy biz­de uly tä­sir gal­dyr­dy.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň de­gi­şli dü­züm­le­riň ýol­baş­çy­la­ry bi­len ge­çi­ren iş mas­la­ha­tyn­da hem ýur­du­myz­da ylym-bi­li­mi hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek we ýaş­la­ryň şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­za, mil­li mi­ra­sy­my­za bo­lan gy­zyk­lan­ma­la­ry­ny art­dyr­mak bi­len bag­ly me­se­lä aý­ra­tyn üns çe­kil­di. Şun­dan ugur al­nyp, gü­neş­li Di­ýa­ry­myz­da saglygy goraýyş, bi­lim ul­ga­mlary­na de­giş­li tä­ze­lik­ler bar­ha art­ýar, hä­zir­ki­za­man en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len bilim we terbiýeçilik edaralary, sa­glygy goraýyş mer­kez­le­ri giň ge­rim­de gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Bu bol­sa ýaş­la­ra dün­ýä de­re­je­sin­de bi­lim al­ma­ga, bedenlerini berkitmäge, saglygyny dikeltmäge müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Biz hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň giň göz­ýe­tim­li ýaş nes­li ke­ma­la ge­tir­mek ba­bat­da öňü­miz­de go­ýan we­zi­pe­le­rin­den ugur alyp, ýaş­lar­da ra­ýat jo­gap­kär­çi­li­gi­ni we zäh­me­te söý­gi­ni ös­dür­ýä­ris. Ola­ryň öz hu­ku­gy­ny go­ra­mak ba­şar­nyk­la­ry­ny ýo­kar­lan­dy­ryp, jem­gy­ýet­çi­lik bir­leş­me­le­ri­ne iş­jeň gat­naş­mak­la­ry­ny üp­jün ed­ýä­ris. Giň göz­ýe­tim­li, ösen teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan oňat baş çy­kar­ýan hü­när­men­le­riň nes­li­ni ke­ma­la ge­tir­mek bi­ziň alyp bar­ýan iş­le­ri­mi­ziň esa­sy mak­sa­dy bo­lup dur­ýar. Bi­lim oja­gy­myz­da ýaş­la­ryň dün­ýä dil­le­ri­ni düýp­li öw­ren­mek­le­ri, ede­bi­ýat we sun­gat bi­len giň­den meş­gul­lan­mak­la­ry üçin hem äh­li şert­ler dö­re­di­lip, dö­re­di­ji­lik bäs­le­şik­le­ri yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär.

Gü­lüs­tan AN­NA­ÝE­WA,
we­la­ýat 5-nji ker, çala eşidýän we soň ker bolan çagalar üçin ýörite umumybilim berýän mek­dep-in­ter­na­ty­nyň mu­gal­ly­my.
Beýleki habarlar