Döwrebap binalar — paýtagtymyzyň bezegi

11 Dekabr 2024
160

Eşretli zamanamyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda amal edilýän beýik işler bu gün ähli halkymyzy guwandyrýar, buýsandyrýar. Maddy-üpjünçilik binýady yzygiderli pugtalandyrylýan, häzirki zamanyň kämil lukmançylyk enjamlary we tehnologiýalary bilen üpjün edilýän döwrebap hassahanalar, şypahanalar, sport we sagaldyş toplumlary halkymyzyň hyzmatynda.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda saglygy goraýyş we anyklaýyş merkezleri, hassahanalar, saglyk öýleri gurlup ulanylmaga berilýär. Olaryň birnäçesiniň şanly ýylymyzda giňden bellenilen Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde dabaraly ýagdaýda açylandygyny ýatlamak aýratyn ýakymlydyr. Bilşimiz ýaly, şol gün paýtagtymyzda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi halkymyzyň hyzmatyna berildi. Şeýle hem, bu hünär baýramçylygy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň 16-njy jiltiniň çapdan çykmagy, Aşgabat şäheriniň ajaýyp künjeginde gurlan «Kalbyň şypasy» atly binanyň hem-de durky täzelenen, germaniýaly kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Hans Maýsneriň ady dakylan şaýoluň açylyş dabaralary hem bagtyýar halkymyzyň toý joşgunyny goşalandyrypdy.

Kemal GUDRATULLAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.
Beýleki habarlar