Sport — ruhubelentligiň çeşmesi

11 Dekabr 2024
170

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sport ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, ilaty köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga çekmek, bedenterbiýe-sagaldyş hereketi arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak ýaly asylly maksatlardan gelip çykýan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge gönükdirilip, bedenterbiýe we sport babatda esasy ýörelgeleri kesgitleýär, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär hem-de işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny belleýär. Türkmenistanyň raýatlarynyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga bolan hukugy döwlet tarapyndan ony durmuşa geçirmek üçin zerur şertleri döretmek, bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasatyny alyp barmak arkaly üpjün edilýär.

Hormatly Prezidentimiz: «Biz sportuň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek arkaly, täze sport düzümlerini dörederis. Hakyky sport söýüjileriň, ussat türgenleriň döwrebap neslini kemala getireris. Çünki ýaş nesillerimiziň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy döwrüň möhüm talabydyr. Sport sagdynlygyň, gözelligiň çeşmesidir» diýmek bilen milli sportuň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzda milli sportuň durmuşyndaky şanly wakalaryň mysalynda hem köpçülikleýin bedenterbiýäni jemgyýetimiziň ähli ulgamlarynda giň gerimde ýaýbaňlandyrmagyň, ýokary netijeli sporty ösdürmegiň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigine bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirmek bolýar.

Ogulşat ŞADYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar