Irdenki Gün şöhlesi

11 Dekabr 2024
226

Irdenki Gün şöhlesiniň adam saglygy üçin peýdasynyň uludygyny alymlar öz ylmy işleriniň netijesi arkaly subut etdiler. Irdenki Gün şöhlesi adam bedenine düşende, ol D witaminini köp öndürýär, süňkleriň nädogry ösmeginiň öňüni alýar hem-de kalsiý bilen üpjün edýär. Onuň üçin her gün 15 minut Gün şöhlesine çoýunmak ýeterlikdir.

Lukmanlar D3 witamininiň adamyň immunitetini, kesele garşy göreşijiligini ýokarlandyrmakda zerurdygyny belleýärler. Şonuň üçin Gün şöhlesiniň yzygiderli düşýän ýerinde çoýunmagy maslahat berýärler. Bu operasiýa geçiren adamlar üçin hem möhümdir.

Amanjahan ADYÝEWA,
«Bagabat» şypahanasynyň fizioterapewt lukmany.
Beýleki habarlar