Dünýä lukmançylygynyň görnükli alymy

7 Dekabr 2024
228

Abu Aly ibn Sinanyň ömri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen türkmen topragy, türkmen halkynyň taryhy bilen berk baglanyşyklydyr. Ibn Sina (Lukman Hekim) özüniň ýaşap geçen döwründe ýokary atlara mynasyp bolýar: «Hakykatyň güwäçisi», «Alymlarbaşy, beýik dana», «Arap Aristoteli», «Alymlaryň baştutany», «Kliniki farmakologiýanyň atasy», «Lukmançylygyň atasy».

Alym-filosof ylym babatda öz döwrüne mahsus bolmadyk, ýagny dersleriň arasyndaky arabaglanyşykly çemeleşmäniň amaly tejribä ornaşdyrylmagyny ündäpdir. Ibn Sina diňe lukmançylygy däl, eýsem filosofiýany, astronomiýany, matematikany we beýleki ylmy ugurlary bilelikde öwrenipdir. Alym asman jisimleriniň hereketi bilen adamyň saglyk ýagdaýynyň arasyndaky arabaglanyşygyň bardygyny düşündiripdir we bejergi üçin astronomik aýratynlygyň oňaýly şertlerini peýdalanypdyr. Matematikany hasapnamalary we ölçegleri çykarmak, fizikany bolsa adam bedeninde bolup geçýän fiziologik hadysalary düşündirmek üçin ulanypdyr.

Baýmyrat BEGMYRADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar