Innowasion sport hepdeligi

7 Dekabr 2024
196

Şu günler Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda innowasion sport hepdeligi geçirilýär. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Bilim ministrliginiň, Milli talyplar sporty hem-de Milli elektron sport federasiýalarynyň bilelikde guramagyndaky ýaryşlar institutyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň köpugurly sport toplumynda ýaýbaňlandyrylýar. Şol ýaryşlar sportuň hereketli we sanly, şeýle-de, elektron görnüşlerini özünde jemleýär.

Ajaýyp dabaralara beslenýän innowasion sport hepdeligi ähmiýetli çäreleriň ençemesini özünde jemleýär. Onuň açylyş dabarasy has-da täsirli bolup, sportuň innowasion görnüşleriniň aýratynlyklaryny şöhlelendirdi. Fijital hem kibersport ýaryşlary bolsa onuň üstüni ýetirdi. Aslynda, bu ýaryşlaryň esasy maksady ýokary okuw mekdeplerde bilim alýan ýaşlaryň arasynda hoşniýetli hem netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakdan, olaryň sanly ulgamyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaklaryny gazanmakdan, talyplaryň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmakdan, has zehinli türgenleri ýüze çykarmakdan hem-de fijital-sport boýunça özara tejribeleriň alşylmagyny ýola goýmakdan ybaratdyr.

Işanguly MERETNYÝAZOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bedenterbiýe fakultetiniň dekany.
Beýleki habarlar