Türkmenistan — Türkiýe: hoşniýetli gatnaşyklar ilerledilýär

6 Dekabr 2024
221

Türkmen we türk halklaryny taryhy kökler, medeni, ruhy umumylyklar baglanyşdyrýar. Bu bolsa açyklyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda ýola goýulýan döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. 4-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etmegi munuň nobatdaky mysalydyr.

Mälim bolşy ýaly, döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak döwlet Baştutanymyzyň sebitde we dünýäde durnuklylygyň, ösüşiň üpjün edilmegine ýardam berýän daşary syýasatynyň esasy ugrudyr. Ýüzýyllyklara uzaýan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň häzirki döwürde hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy hem munuň aýdyň güwäsidir. Özara düşünişmek, ynanyşmak we pugta dost-doganlyk iki halkyň ýeten belent sepgitleri bolmak bilen, ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň, abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köpugurly hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly giňişligi emele getirýär.

«Nesil».
Beýleki habarlar