Inçekeseli anyklamagyň we bejermegiň täze ýörelgesi

6 Dekabr 2024
244

Annamyrat REJEPOW, Babaguly JUMAÝEW, Mähri DURDYÝEWA, Röwşen JUMAÝEW, Mähri JÜMMIÝEWA
Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Inçekeseli bejeriş-öňüni alyş merkezi, M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň inçekesel kafedrasy

Inçekesele garşy göreş «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanýar. Soňky onýyllygyň dowamynda Türkmenistanda inçekesele garşy göreş çärelerini amala aşyrmakda düýpli öňegidişlikler gazanyldy, inçekeseli anyklamak, gysga möhletde bejermek boýunça birnäçe täze usullar ornaşdyryldy. Şolaryň biri hem BSGG tarapyndan teklip edilen täze innowasion näsaga gönükdirilen çemeleşme hökmünde ykrar edilen inçekeselli näsaglary gatnaw şertlerinde bejermek usulydyr. Bu usulyň netijeliligi barada ylmy edebiýat çeşmelerinde gabat gelmek bolýar [1-4]. Şonuň bilen baglylykda biziň ýurdumyzda hem Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny we «Türkmenistanda inçekesele netijeli gözegçiligi üpjün etmek boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» ýerine ýetirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýruklary, şol sanda «Türkmenistanda inçekeselli näsaglary bejermegiň ambulator modeli» işlenilip taýýarlanyldy we tassyklanyldy.

Beýleki habarlar