Çagalarda Kawasaki keseli

6 Dekabr 2024
227

Ýazgylyç ÝAWAN, Maral ŞYHLYÝEWA, Ogulkeýik BÄŞIMOWA, Rozygül ORAZOWA,Baýmyrat GOWUŞOW, Aýjahan HOMMYÝEWA
M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň fakultet pediatriýasy kafedrasy

Kawasaki keseli (Kawasaki sindromy, deri-nemli limfanodulýar sindromy) orta we ownuk arteriýalaryň özboluşly zeperlenmesi we destruktiw-proliferatiw waskulitiň emele gelmegi bilen ýiti geçýän patologiýadyr. Ol kliniki taýdan gyzdyrma, nemli bardanyň, deriniň, limfatiki düwünleriň üýtgemesi, käte koronar we beýleki arteriýalaryň zeperlenmesi bilen ýüze çykýar. Bu kesel Ýaponiýada has ýygy duşýar (5 ýaşa çenli çaga ilatynyň 100 000-de 112 sany). Russiýada 2016-njy ýylyň maglumatlaryna görä, bu kesel bilen 5 ýaşa çenli çaga ilatynyň 100 000-de 6,6 ýagdaýda anyklandy. Şu keselden ölüm 0,1-0,5%-e barabardyr. Kawasaki keseliniň etiologiýasy we döreýşi entek az öwrenilendir [3].

Beýleki habarlar