Türkiýe we Türkmenistan täze ýol kartasyny tassyklamagy we söwda dolanyşygyny 5 milliard dollara ýetirmegi meýilleşdirýär

6 Dekabr 2024
196

Türkiýäniň söwda ministri Omer Bolat žurnalistlere beren interwýusynda Türkiýe bilen Türkmenistanyň ýakyn ýyllarda özara söwda dolanyşygynyň mukdaryny iki esse artdyrmak üçin öz öňlerinde uly maksat goýandyklaryny aýtdy. O.Bolat 70-den gowrak türk kompaniýasynyň önümleri görkezilişe çykarylan Aşgabatdaky Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisinde özara söwda dolanyşygynyň häzirki mukdarynyň ýeterlik däldigini we ýurtlaryň ýyllyk 5 milliard dollarlyk sepgidi nazarlaýandyklaryny nygtady.

— Iki doganlyk ýurduň döwlet Baştutanlarynyň garaýyşlaryna laýyklykda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrarys. Özara söwda dolanyşygynda ýyllyk 2,5 milliard amerikan dollar ýeterlik däl. Orta möhletde söwda dolanyşygynyň ýyllyk mukdaryny 5 milliard amerikan dollaryna ýetirmegi maksat edinýäris. Geljek ýylyň fewral-mart aýlarynda Ankarada Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 8-nji mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Onuň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça täze ýol kartasy kabul ediler – diýip, ministr belledi.

Beýleki habarlar