«Zemin we ynsan saglygynyň nyşany»

5 Dekabr 2024
201

Zeýtun agajynyň ýapraklary ir döwürlerden bäri parahatçylygyň we ylalaşygyň nyşany hasaplanylyp gelinýär. Şonuň üçin-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň Döwlet baýdagynda parahatçylygyň nyşany bolan zeýtun ýapragynyň şekili ýerleşdirildi. Bu agajyň miwesi ynsan saglygy üçin-de iň gymmatly önümleriň biridir. Oňa «Zeminiň we ynsanyň saglygynyň nyşany» diýsek hem ýalňyş bolmaz. Sebäbi parahatçylyk — zeminiň, ýaşaýşyň, durmuşyň sagdynlygy.

Käbir ylmy tapyndylar 6 müň ýyl öň hem adamlara zeýtun miwesiniň tanyş bolandygy baradaky pikirleri öňe sürmäge esas berýär. Babyl şasy Hammurapiniň miladydan öňki 1700-nji ýyllara degişli hasaplanýan kanunlar ýygyndysynda zeýtun ösümligi baradaky maglumat ilkinji gezek getirilýär. Zeýtun Gadymy Müsür bilen baglanyşykly suratlarda-da ýygy-ýygydan gabat gelýär. Ýunanlylar bolsa ony gözellik serişdesi hökmünde-de peýdalanypdyr. Dünýä ýüzünde 500-den gowrak görnüşi hasaba alnan zeýtunyň azyk senagatynda diňe 25 görnüşi ýaramly hasaplanylýar.

Taýýarlan Gylyç ORAZMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.
Beýleki habarlar