Gury ýük gämileri gurulýar

4 Dekabr 2024
188

Ajaýyp zamananyň ösüşli menzilleri

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde halkara talaplara laýyk gelýän täze gury ýük gämileriniň ikisiniň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Gämi gurluşygynda 300-den gowrak adamyň işledilmegi göz öňünde tutulyp, olar bilen Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan gämi böleklerini işläp taýýarlamak we gurluşygy meýilleşdirmek, gabara gurluşy we kebşirlemek, turba işleri, mehaniki we elektrik işleri, hil gözegçiligi we degişli beýleki işleriň görnüşleri boýunça ýöriteleşdirilen okuw sapaklary we türgenleşikler geçirildi. Bu möhüm taslamany amala aşyrmaklyga gatnaşýanlaryň 90 göterimden gowragy ýerli hünärmenlerdir. Gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýan, her biriniň ýük göterijilik kuwwaty 6100 tonna bolan gury ýük gämileriniň uzynlygy 123 metr, ini 16,5 metr bolup, olar geljekde gojaman Hazar deňziniň suw giňişliklerinde ýükleriň dürli görnüşlerini daşarlar.

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW,
«Balkan».
Beýleki habarlar