Ykdysady ösüşiň baş şerti

4 Dekabr 2024
204

Ýurdumyzyň täze taryhy eýýamda gazanýan giň gerimli üstünlikleri dünýäniň ösen tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribeleri bilen berk baglydyr. Sanly tehnologiýalaryň ähli ulgamlara dowamly ornaşdyrylmagy, olaryň maddy-enjamlaýyn we hukuk binýadynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilmegi Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünliklere ýetmegiň gözbaşy bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly baştutanlygynda üstünliklere beslenýän düýpli özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyryp, degişli durmuş-ykdysady düzümleriň kemala gelmegini üpjün edýär. Ykdysadyýetiň pudaklarynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyny, öňdebaryjy usullaryň, sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny baş maksat edinýän «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli dowam etdirilmegi guwançlydyr. Munuň özi ähli pudaklarda sanly ulgamyň işjeň ornuny artdyrmaga, ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýän tehnologiýalary ornaşdyrmaga, daşky gurşawy goramakda bildirilýän halkara kadalara berk eýermäge oňyn itergi berýär. Ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň tehnologiýalar binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy, sanly ulgama, innowasion işläp taýýarlamalara geçmekde düýpli öňegidişlikleriň gazanylmagy ýurdumyzda gurulýan häzirki zaman önümçilik desgalarynyň ekologik talaplara, ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk gelmegini, öndürilýän dürli önümleriň bäsleşige ukyplylygynyň ýokarlanmagyny şertlendirýär. Maglumatlaryň we innowasion tehnologiýalaryň elýeterliligine daýanýan sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda täze ugurlaryň açylmagynda hem möhüm ähmiýete eýedir. Berkarar ýurdumyzda «ýaşyl» ykdysadyýete geçmegiň esaslaryny pugtalandyrýan şunuň ýaly döwletli tutumlarda kabul edilýän maksatnamalar berk binýat bolup hyzmat edýär.

Jennet BERDIÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň mugallymy.
Beýleki habarlar