Süýji buýanyň ähmiýeti

27 Noýabr 2024
260

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda türkmen topragynda bitýän, özüniň dermanlyk häsiýetleri bilen tapawutlanan ösümlikleriň köpsanlysynyň hatarynda süýji buýan barada hem giňişleýin maglumatlar berilýär.

Buýan gadymy zamanlardan bäri Zeminiň dürli künjeklerinde gymmatly derman hökmünde tanalypdyr. Buýan köküni mundan ençeme asyr ozal hem derman hökmünde peýdalanypdyrlar. «Merkezi Aziýanyň ženşeni» ady bilen taryha giren türkmeniň süýji buýany adam bedenini berkidýän gymmatly serişde, melhem hökmünde biziň eýýamymyzdan müňlerçe ýyl ozal tebipler tarapyndan ýazylan «Ýazuw wedi» (Ýaşaýyş hakyndaky ylym) atly gymmatly eserde hem ýatlanylypdyr. Tibet lukmançylygynda türkmeniň süýji buýany dermanlyk ösümlikleriň arasynda ženşenden soňra ikinji orny eýeläpdir. Ibn Sina süýji buýany adatdan daşary peýdaly melhem hasaplapdyr. Şundan ugur alnyp, türkmen dilinde «buýan» sözi «haýyrly nygmat», «bereketden, şypadan doly», «nepi degýän» diýen ýaly manylarda ulanylýar.

Aýna ANNAMYRADOWA,
welaýat kitaphanasynyň baş kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar