Baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygyna

20 Noýabr 2024
500

Bitaraplyk ýörelgesi —  parahatlyk pelsepesi

Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji gününden başlap, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege hormat goýmaga we özara bähbitli hyzmatdaşlyga daýanýan gatnaşyklary ýola goýdy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň netijesinde, ýurdumyz halkara gatnaşyklar ulgamynda täze sepgitlere ýetýär. Sebitiň syýasy, ykdysady we medeni giňişligine işjeň goşulýan hem-de özüniň döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirýän ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge we işjeňleşdirmäge mynasyp goşant goşup, baky Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýär.

Nurgözel BAÝMEDOWA,
Görogly etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 50-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.
Beýleki habarlar